Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde güneşli Diýarymyzda kanunçylygyň dünýä ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Esasy Kanunymyz bolan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň iş ýüzünde hereket etmegi bilen adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goralmagy üçin kämil kanuny esaslar döredildi. Türkmenistanda köp partiýalylygyň ykrar edilmegi bilen geçen aýyň 28-inde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary giň bäsdeşlik esasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu bolsa eziz Arkadagymyzyň adalatly ýolbaşçylygynda türkmen jemgyýetinde demokratik özgertmeleriň täze derejelere göterilendigini alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň bu möhüm ähmiýetli syýasy çärede saýlawçylaryň biragyzdan goldamagy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy ulus-ilimizde çäksiz buýsanç we şatlyk duýgusyny döretdi. Eşretli zamanamyzda baky bagtyýarlyga gowşan ildeşlerimiz milli Liderimiziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren uly işlerine türkmen halkyna abraý, şan-dereje getiren taýsyz tagallalar hökmünde mynasyp baha berýär we tüýs ýürekden goldaýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu uly hem-de giň gerimli işleriň ähmiýeti örän uludyr. Binýat berk bolanda, bina baky bolýar. Hormatly Prezidentimiz türkmeniň döwlet binasynyň baş arhitektory hökmünde, ebedi abadan, müdimi döwlet binasynyň mizemezligini berkarar edýär, nesilleriň bagtly geljegini gurýar.