Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. 3-nji orta mekdepde geçirilen bäsleşige okuwçylaryň 14-si gatnaşdylar.
Owadan güllerdir şarlar bilen bezelen sahnada kalby joşgunly çagalar, çagalar döredijilik toparlary gezekli-gezegine çykyş edip, ol ýeri alaýaza öwürdiler. Dürli saz gurallarynda ýerine ýetirilen şirin owazly sazlar, olara sazlaşykly goşulan aýdymlardyr döwrebap tanslar bagtyýarlyk döwrümiziň belent ýaňy bolup, çäräniň şowhunyna şowhun goşdy.