Ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, olarda mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen, Gumdag şäher medeniýet merkezinde şäher häkimliginiň 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde okaýan talyp oglanlaryň arasynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäher polisiýa bölüminiň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda çykyş edenler ata-babalarymyzyň görkezen edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň, merdanalygynyň ýaş nesiller üçin görelde mekdebidigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Watan goragy mukaddesdir» atly ajaýyp kitaplarynyň ähmiýetini buýsanç bilen bellediler.