Wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär

7 Aprel 2021
912

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak baradaky işlere döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär, saglygy goraýyş ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Bu «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden aýdyň görünýär. Türkmenistan dünýäde ýaýran ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça halkara maksatnamalara işjeň gatnaşýar.

TGÝMJ-niň welaýat bölümi hem ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak baradaky çagyryşlara ilkinjileriň hatarynda seslenýär. Welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalarda, orta we ýokary, başlangyç hünär okuw mekdeplerinde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi, zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleri we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek dogrusynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmagyň peýdasy dogrusynda hem nygtalyp geçilýär. Şeýle hem biziň jemgyýetçilik guramamyz ýaş nesillerde sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmek, olary sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höweslendirmek ýaly asylly işleri durmuşa geçirýär. Bu işler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda durmuşa geçirýän belent maksatlaryna, edýän aladalaryna mynasyp seslenmedir.
Leýla MATÝAKUBOWA,
TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň müdiri.