Abadan ýaşaýşyň goragynda

7 Aprel 2021
934

Adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň uly baýlygy saýylýar. Şoňa görä, ynsan saglygyny we ömrüni goramak jemgyýetiň öňündäki ilkinji borç bolup durýar. «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem kepillendirilen bu goraglylyk milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ýokary derejede amala aşyrylýar. Şundan ugur alnyp, welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda hem ynsan saglygynyň we ömrüniň goraglylygy babatynda ätiýaçlandyryş işleriniň birnäçe görnüşi amala aşyrylýar.

«Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş kadalary» Türkmenistanyň çäginde giňden ulanylyp, bu kadalar Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we ýurdumyzyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Onda ýüze çykyp biljek betbagtçylykly hadysalar bilen bagly halatlar ätiýaçlandyrylýar. Olaryň arasynda tötänleýin zäherlenme, demikme, sanjymlardan soňky ters täsir, elektrik togy, zäherli mör-möjekleriň ýa-da ýylanyň çakmagy bilen şikes ýetmek, adam synalarynyň dürli bozulmalary ýaly halatlar görkezilýär. Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda, ätiýaçlandyryşyň pul möçberi talaplaryň arasynda gelnen ylalaşygy esasynda amala aşyrylyp we şertnama bir ýyllyk ýa-da ondan kän möhlete baglaşylyp bilner. Ätiýaçlandyrylýan tarap Kadalarda görkezilen halatlaryň haýsy hem bolsa biri ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy edara üç ýylyň dowamynda ýüz tutup, öwezini doluş tölegini alyp biler. Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş kadalarynyň esasynda Lebap welaýaty boýunça 2020-nji ýylda 42 637 sany ätiýaçlandyryş şertnamalary baglaşylyp, olaryň 89 sanysy boýunça raýatlarda betbagtçylykly hadysa ýüze çykyp, jemi 88 966 manat öwezini doluş tölegi tölenildi.

Batyr ÇAÝTYÝEW,
welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ýuristi.