Watana bolan söýgi çäksizdir

7 Aprel 2021
909

Hormatly Prezidentimiziň “Ata Watan aman bolsa, reňki- -roýuň saman bolmaz” diýen pähimli sözleri ýürekleri heýjana getirýär. Watan bu ynsanyň göbek ganynyň daman ýeridir, ilkinji gözüniň gören mesgeni, dogduk mekanydyr. Türkmen halky Watanyny ar-namysyna deňäp, bu topragyň her goşawuç ýerini jany-teni bilen söýýän halkdyr. Watany söýmek, Watana wepaly bolmak bu türkmen halkynyň ruhuna siňen gylyk-häsiýetleriniň biridir. Gerek ýerinde, Watan üçin öz şirin janyny gurban eden şahsyýetler sanardan örän köpdür.

Biziň halkymyz ata-babalarymyzdan galan adalatlylyk ýörelgesini we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, beýik ruhy we maddy medeniýetini, demokratik ýörelgelerini giňden goldaýar we ösdürýär. Çünki, türkmen taryhda milliligi bilen özüni dünýä tanadandyr.