Parlament gurluşynda täze tapgyr

7 Aprel 2021
862

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäre ulgamyň işiniň has-da döwrebaplaşdyrylyp, hil taýdan täze, iki palataly parlament gurluşynyň ýola goýulmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmeginde täze sepgidi alamatlandyrdy. Halk Maslahaty palatasyna agzalaryň ilkinji saýlawlary demokratiýany dabaralandyrmakda möhüm ädim bolup, halkymyzyň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna, öz konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşdyrylmagyny gazanmakda ähmiýetli waka öwrüldi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň raýatlary we dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna ýurduň döwlet gurluşynyň esaslaryny, döwlet işlerini, aýratyn-da, kanun çykaryjylyk işiniň demokratik ýörelgelerini geňeşmek, maslahatlaşmak, ylalaşyk we sazlaşyk arkaly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy üpjün etmek, raýat jemgyýetiniň institutlaryny ykrar etmek, hukuk we dünýewi döwletlilik ýoluna eýermek ýaly esasy durmuş gymmatlyklaryny özünde jemleýän kanunlaryň başy hökmünde ýokary baha berýär. Ýurdumyzyň kanunçylygyny ösdürmegiň hukuk esaslary hem Esasy Kanunymyzdan — Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky başlangyçlary jemgyýetimizde demokratiýanyň barha çuňlaşýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Çünki Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň hukuk binýady bolmak bilen, halkyň bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik we adalatlylyk hakyndaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär.

Myrat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Mary welaýat müdirliginiň müdiriniň orunbasary — uly döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.