Olimpiýa medally mergen

3 Aprel 2021
1026

Hormatly Prezidentimiz Agyr atletika boýunça dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa mynasyp bolan medallaryny gowşurmak dabarasynda ýurdumyzyň sport taryhynda ajaýyp sahypalaryň az ýazylmandygyny nygtap, meşhur agyr atletikaçymyz, dünýäniň we Ýewropanyň üç gezek çempiony, şeýle hem Aziýanyň çempiony Altymyrat Orazdurdyýewi ýa-da görnükli türgen, döwrüniň iň meşhur mergeni hem-de Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, nyşana ok atmakda köp gezek dünýäniň we Ýewropanyň rekordsmeni Marat Nyýazowy ýatlady.

Milli Liderimiziň bu taryhy çykyşy türkmen sportunyň geçmişine ýene bir ýola nazar aýlamaga ganatlandyrdy. Türkmenistanly nyşana ok atyjy türgen Marat Nyýazowyň Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp bolanyna şu ýyl 61 ýyl dolupdyr. Minnetdar nesiller sportumyzyň şanly taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran türgeni häli-häzirler hem ýatlaýarlar.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».