Dabaralar, bäsleşikler, çäreler

31 Mart 2021
739

NESILLERIŇ BAGTYÝARLYK NAGMASY

Golaýda welaýat medeniýet müdirliginiň garamagyndaky welaýat çagalar sungat mekdepleriniň ansambl toparlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa etraplardaky we Daşoguz şäherindäki çagalar sungat mekdeplerinden saýlanan toparlar gatnaşdylar. Milli medeniýetimizi, saz sungatymyzy ösdürmekde öňde durýan wezipelerden ugur alnyp, şeýle hem saz toparlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sazandalaryň topar bolup ýerine ýetirijilik ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan, kirişli saz gurallary, tans toparlarynyň çykyşlary ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, dutar, gyjak, plektrli dutar, akkordeon, fleýta we beýleki saz gurallarynda halk sazlary we mukamçy kompozitorlaryň ajaýyp saz eserleri ýaňlandy. Bagşylar topary halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Tans toparlarynyň ýerine ýetiren tanslary emin agzalarynda uly täsir galdyrdy.