Tapylgysyz hazyna

31 Mart 2021
745

Bu ýazgymyz Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiziň Prezidenti, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher ýaly ýiti akyl hazynasyndan öz halkyna sowgat eden “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan kalbymyza ornap galan täsirler kökeni. Kitap on iki bölümden ybarat. Has dogrusy, parasatlylygyň genji-känli belentliginden gözbaş alyp gaýdýan köwser suwy ýaly on iki çeşmäniň birleşmeginden dörän tereň akaba. Bu akaba okyjynyň ruhy dünýäsini, pähim--paýhasa teşne kalbynyň sonar ýaýlasyny siňňitlilik bilen gandyrýar.

Okap başlanyňdan soň, eliňden düşüresiň gelmeýän bu hikmetli eseri aňyrsyna göz ýetmeýän durmuş ummanyndaky hazynalar adasyna meňzedesim gelýär. Sebäbi, aňyrsy Oguz han nesilbaşymyzdan gaýdyp, ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenip, arkama-arka, nesilme-nesil timarlanyp, sünnälenip gelnen rowaýatlaryň we tymsallaryň, nakyllardyr atalar sözüniň bimöçber köplügi Gahryman Arkadagymyzyň ozaldanam gönezligi juda goýazy parasatly pikirlerini edil tylla ýüzüge göwher gaş goýlan ýaly edäýýär.