Demokratik ýörelgelere esaslanyp

29 Mart 2021
604

Geçen ýekşenbe güni welaýat kitaphanasynda welaýat halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi boldy. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlamak meselesine garaldy.

Mejlise gatnaşyjylary kitaphananyň binasynyň öňünde medeniýet we sungat işgärleri garşy aldylar. Olaryň ýerine ýetirmeklerinde belentden ýaňlanan aýdymlar, joşgunly tanslar bu möhüm syýasy çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Welaýat halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň şeýle dabara beslenmeginiň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki 28-nji mart güni Türkmenistanyň syýasy durmuşynda uly özgerişlikleriň başyny başlajak waka bolup geçdi. Şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Döwlet JUMADURDYÝEW.