Ýaşlar syýasatynyň hukuk esaslary

29 Mart 2021
799

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlar hakynda döwlet derejesinde bimöçber aladalar edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär». Bu babatda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, onda ýaşlaryň hukuklary, azatlyklary we syýasy-medeni bähbitleri doly berkidilendir.

Ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy maksatlaryny hem-de döwrebap wezipelerini durmuşa geçirmek işleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmy esaslaýyn we toplumlaýyn maksatnamalar esasynda amala aşyrylýar. Döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň we döredijilikli gatnaşmagy üçin şertleri döretmek, ýaş raýatlary watançylyk we milli ruhda terbiýelemek ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen durmuş mekdebiniň ýörelgeleri esasynda amala aşyrylmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýaşlaryň döredijilik işjeňligini ösdürmek, olaryň durmuş goragynyň kepilliklerini üpjün etmek, zehinli ýaşlara döwlet goldawyny bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek üçin aladalar edilýär. Ýaşlaryň zähmet we iş bilen üpjünçiligi çygrynda kepilliklerini üpjün etmek, telekeçilik işine ýardam etmek, boş wagtyny medeniýetli geçirmekleri we dynç alşy üçin şertleri döretmek, olaryň döwrebap başlangyçlaryny goldamak we ösdürmek, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler hem degişli yzygiderlilikde we utgaşykly alnyp barylýar.

Mirhan TUWAKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.