Aýdyň geljegiň nury

29 Mart 2021
641

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda şu ýyl mähriban halkymyz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryny uludan belleýär. Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde uly ösüşlere eýe bolýan baş şäherimiziň aňrybaş şertleri, binagärlik özboluşlylygy, çeperçilik-estetiki jähetden ajaýyp çözgüdi bu gün köpleri haýrana goýýar. Gün nuruna öwşün atýan ak mermerli binalaryň töwerekleriniň al-elwan güllere, gür baglyga bürenmegi, gijelerine täsin yşyklandyryjylaryň özboluşly owadan sazlaşygy, täze gurlan giň hem owadan ajaýyp ýollaryň nuranalygy bilen goşulyşyp ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, şeýle hem onuň taryhy merkezi doly döwrebaplaşdyryldy. Ähli durmuş düzümleri bilen üpjün edilen täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ençemesi guruldy. Şunda köpsanly binalar halkara derejesindäki abraýly baýraklara, şahadatnamalara mynasyp boldy, özboluşly täsin binagärligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini we Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýandygyny şertlendirýär. Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan beýik ösüşleri paýtagtymyzyň ykdysady görkezijileriniň, onuň maýa goýum ýagdaýynyň we işewürlik gurşawynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny äşgär edýär. Şunda «Täze zaman», Çoganly, Köşi, Parahat 7 ýaşaýyş toplumlarynda, Magtymguly, Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan şaýollaryndaky, Ankara, N.Andalyp, Görogly, Hoja Ahmet Ýasawy, Gurbansoltan eje, Oguzhan, G.Kulyýew, Taslama köçeleriniň ugrunda gysga döwürde gurlup ulanmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, söwda merkezleri häzirki wagtda paýtagtlylaryň we myhmanlaryň egsilmez buýsanjyna öwrülmek bilen, ak şäherimiziň örän çalt depginlerdäki ösüşlerinden habar berýär.

Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.