Bähbitli tagallalar

29 Mart 2021
746

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamy düýpli özgertmeleriň zamanasy boldy. Garaşsyz döwletimiz ykdysady taýdan depginli ösüşleriň ýoluna düşdi. Ýurt Baştutanymyzyň badalga beren özgertmeleri rowaçlandy. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşi döwlete degişli däl möhüm çygryň — hususyýetçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi bilen sazlaşykly utgaşdy. Telekeçiligiň ösdürilmegi täze öndüriji güýjüň kemala gelmegine giň ýol açdy. Täze iş orunlary peýda boldy.

Gürrüňi edilýän ulgamdaky ösüş-özgerişleriň oňyn täsiri welaýat merkezimizde-de aýdyň duýulýar. Raýatlaryň ýüzlerçesi telekeçiligiň bähbitli işi bilen meşgullanýar. Olar dürli önümleri öndürip, ilatyň ýokary hilli önümlere we harytlara bolan isleglerini has doly kanagatlandyrmakda netijeli işleri bitirýärler. Gurluşyk-gurnama işlerini bitirmekde, halka hyzmatlary we işleri edip bermekde adygan hususyýetçilerem bar.