Ata Watanymyzyň we eziz halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine

18 Mart 2021
893

«Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalaryny hem-de özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini birjik-de peseltmeýäris. Maliýe, salgyt-býujet, pul-karz, daşary-ykdysady, nyrh emele getiriş syýasatynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar» diýip, mähriban Arkadagymyz geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meselelerine bagyşlanan iş maslahatynda aýtdy. Bu işleriň ählisi biziň mümkinçiliklerimiziň gerimini giňeltmäge, dünýädäki ykdysady çökgünligiň ýaramaz netijelerini azaltmaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Şu ýyl berkarar Diýarymyzda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly baýramyna ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýynda taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzda makroykdysady ýagdaý durnukly bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi.