Işewürleriň işi ileri

18 Mart 2021
758

Öňňin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu çäreler ýurdumyzyň uly ösüşlerini beýan etmek bilen bir hatarda telekeçileriň giň mümkinçiligini beýan etdi.

Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär: “Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garap, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegini dowam etdireris. Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris”.

Ogulgurban REJEPOWA,
“Mugallymlar gazeti”.