Bagtyýarlygyň şäheri Aşgabat

18 Mart 2021
951

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde toýlarymyz toýlara ulaşýar, baýramlarymyz dabaralara beslenýär. Şeýle ajaýyp günlerimizde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda belent binalar gurulýar, ýaşaýyş jaýlaryna, durmuş maksatly desgalara aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halkymyzy bagtyýarlyga besleýär, ösüşli ýollarymyzy üstünliklerden üstünliklere ýetirýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz halkymyzyň durmuşynda şanly wakalara baý ýyl bolup, ýüreklerimizi buýsanja besleýär. Merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Mälim bolşy ýaly, merjen şäherimiz Aşgabat has-da gözelleşýär, döwrebap binalar bilen görenleri haýrana goýýar. Belent hem-de ajaýyp binalar özüniň gözelligi bilen paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk goşýar. Şeýle hem bu ýaşaýyş jaýlar diňe gözelligi bilen tapawutlanman, eýsem, ýaşaýyş üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi, iň döwrebap usullaryň durmuşa geçirilmegi bilen ünsüňi özüne çekýär. Ýagny, şeýle ajaýyp binalaryň içinde “akylly öý” taslamasynyň hem durmuşa geçirilýändigini hem görmek bolýar. Bu bolsa ylmy tehnologiýa babatda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny aýdyň beýan edýär. Özi hem şeýle “akylly öýleriň” türkmen hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň beýik ösüşlere eýe bolýandygyny, döwrebap ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

Gurbangeldi NOWRUZOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.