Mukaddes garaşsyzlyk: döwür we biz

18 Mart 2021
1182

Her bir adamyň özygtyýarly, garaşsyz döwletli bolmagyň bütin duýgy-düşünjeleriniň, kalbynyň, aňynyň içinden geçip, göwnühoşlugyň üýtgeşik ahwallary bilen gurşap almasyny başyndan geçirmegi häli-şindi duşup duran pursat däldir, elbetde. Döwletiň döremegine, düýbüniň tutulmagyna, ähli ugurlar boýunça gurluşyna şaýat bolmak, bu mukaddes hadysalary gözüň bilen görmek, oňa gatnaşmak her bir nesle miýesser edip duran waka däl ahyry.

Häzirki ýaşlar geçmişde beýik döwletleri guran, şadöwletleri dolandyran milletiň nesilleridigi baradaky düşünjeler, berkarar döwletiň raýatydygy baradaky buýsançly duýgular bilen kemala gelýärler. Ýurdumyzyň ýeriň emeli hemrasynyň Arşa çykarylmagy we onuň öz hünärmenlerimiz tarapyndan dolandyrylmagy ýaşlar üçin adaty ýagdaý. Olar ösen döwletde kemala gelýän nesiller. Dünýä bilen aýakdaş gidýän ýurduň raýatlary.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti