Okgunly ösüşlere ugur alynýar

17 Mart 2021
1273

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplarynyň we Türkmenabat şäheriniň häkimleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň gün tertibinde, esasan, hormatly Prezidentimiziň 15-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ugrunda öňde durýan möhüm wezipeleri günübirin ýerine ýetirmek barada beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahaty welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew açmak bilen, häzirki döwürde etrapdyr şäherlerimiziň ählisinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine görülýän taýýarlyk çäreleri barada durup geçdi. Şu derwaýys meseleler bilen bir hatarda welaýatymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň depginini ýokarlandyrmak barada milli Liderimiziň kesgitlän wezipelerini amala aşyrmaklyga aýratyn üns çekildi.