Garaşsyzlyk — Watanymyzyň şöhraty

17 Mart 2021
884

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylymyzy mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Çünki parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak, dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgesidir.

Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetine ýokary baha berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär» diýip belleýär.

Kümüş DURDYÝEWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy.