«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

17 Mart 2021
789

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygynda “Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guraldy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen çärä ÝHHG-niň başlygy hem-de Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň we halkara düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda ählumumy we sebit derejesindäki mümkinçilikler, ýetilen sepgitler hem-de bu ulgamda öňde durýan wezipeler, adam hukuklaryny berjaý etmekde halkara konwensiýalaryň orny, dürli ýurtlaryň kanunçylyklaryna umumy ykrar edilen kadalaryň ornaşdyrylyşy we ony ýerine ýetirmegiň seljerme gurallary baradaky çykyşlar diňlenildi. Pikir alyşmalaryň çäklerinde, degişli maglumatlara laýyklykda, ähli gatnaşyjy döwletleriň zenanlarynyň hukuklarynyň goralmagyna hem-de gender deňliginiň ilerledilmegine gönükdirilen öňdebaryjy milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kemala getirmekde olaryň ösüşleri gazanandyklary bellenildi.