Beýik işler - berkararlyk binýady

12 Mart 2021
1201

Ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli berjaý edilýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ýerli çig mal we zähmet serişdeleriniň netijeli ulanylmagy milli ykdysadyýetiň ösüşine düýpli täsirini ýetirdi. Döwlet serişdeleriniň, kärhanalaryň, şonuň ýaly-da daşary ýurt maýadarlarynyň hasabyna özleşdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi hem ýokarlandyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet býujetinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, sebitlerinde her ýylda garaşylýan netijeler göz öňünde tutulyp düzülýär we onuň maksady ykdysadyýetiň pudaklarynda düýpli maýa goýumlaryny ýokary depginler bilen özleşdirmekden, ilatyň bähbitlerini goramak bilen durmuş ulgamynda we beýleki pudaklarda düýpli özgertmeleri üpjün etmekden, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmekden, raýatlaryň durmuş kepilliklerini pugtalandyrmakdan we birnäçe beýleki wezipeleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Şunda döwlet serişdelerini jemlemek we pudaklaryň amatly ösüş şertlerini döretmek üçin has netijeli gurallary peýdalanmak, ýurduň senagat mümkinçiligini we zerur bolan amatlyklary tehnologiýa taýdan täzelemek işleri häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar.

Süleýman JUMAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.