Garagumuň suw şalygy

12 Mart 2021
1414

Çöl we suw. Bular özünde çuň manylary jemleýän düşünjelerdir. Jöwzaly çölde diriligiň, ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanylýan suwuň gadyr-gymmaty örän ýokarydyr. Ata-babalarymyz tebigatyň ýowuz şertlerinde ýyldyz boýly guýulary gazyp, özleri we hojalyk mallary üçin her damjasy zere deňelýän suwy almagy başarypdyrlar. Häzirki döwürde bolsa halkymyz üçin asyrlaryň dowamynda çözülmesi örän kyn bolan bu möhüm meseleler üstünlikli çözülýär. Munuň hut şeýledigine göz ýetirmek isleseňiz, Garagumuň bu sebitine gelip göräýmeli. Ony sözüň doly manysynda ymgyr çölümiziň suw şalygy hasaplamak bolar. Ol welaýatymyzyň Kerki etrabynyň çäginde, çöl içinde ýerleşýän Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky suw howdanydyr.

Tutýan umumy meýdany 70 müň gektardan hem gowrak bolan suw howdany ozalky Uzynşor çöketliginde geçen asyryň segseninji ýyllarynda peýda boldy. Ol hem Garagum derýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Amyderýadan suw akabalary arkaly gelýän gyrmançaly suw howdanda toplanylyp, durlanandan soňra emeli derýa akdyrylýar. Başgaça aýdylanda, bu uly suw desgasy ýylyň ähli paslynda, ylaýta-da, suwuň köp sarp edilýän döwründe Garagum derýasynda suwuň kadaly möçberde akmagyny üpjün etmek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Mämmet Gylyjow.