Täze wezipeler — ösüşe badalga

10 Mart 2021
686

Ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň döwletlilik ýoly parahatçylygyň hem ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň ýoly bolup dünýä ýaň salýar. Bu hakykat ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar bilen has-da baýlaşýar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygynda eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň bagtly geljegi üçin alnyp barylmaly işler barada dürli ugurlara degişli tabşyryklary bermegi, ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli wezipeleri öňde goýmagy her pursatda täzelenişi hemra edinip, ýokary tizlikli ösýän döwletimizde ak ýollarda üstünlikli sepgitlere aýgytly gadam goýulýandygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi.

Gahryman Arkadagymyz üstümizdäki ýylyň taryhy wakalaryna, tutumlaryna degişli işleri deputatlar bilen bilelikde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň halkyň arasynda geçirmeli işleri barada beren tabşyryklary öz işimizi ösen döwrüň talabyna mynasyp derejede guramaga we alyp barmaga uly itergi berdi. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda bolup geçýän özgertmeleri halkyň aňyna ýetirmekde syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň işine bil baglaýan Gahryman Arkadagymyz olar bilen taryhy duşuşyklary geçirip, ösüşiň hil taýdan kämil derejesini üpjün etjek meseleler boýunça özüniň köp maslahatlaryny berýär, täze wezipeleri öňde goýýar. Bu geçen ýylyň ahyrynda mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň mysalynda hem aýdyň göründi. Döwlet bilen jemgyýeti bitewüleşdirmekde syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň alyp barýan maksatnamalaýyn işleri aýratyn ähmiýete eýedir. Muňa aňryýany bilen düşünýän Gahryman Arkadagymyz bu babatdaky wezipeleriň gaýragoýulmasyz häsiýetde durmuşa geçirilmegini hemişe üns merkezinde saklaýar.

Sapargül KULIÝEWA,
TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy.