Mähriban siz, gahryman siz, zenanlar!

10 Mart 2021
751

Güneşli ülkämize pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tebigat gaýtadan janlandy, degre-daşymyz al-elwan güllere beslendi, baglar ak patrak kimin gül açdy. Ynha, tebigatyň şeýle ajaýyp keşbe giren çagynda, baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda Halkara zenanlar güni giňden bellenildi. Oba-şäherlerimizde uludan tutulan toý-dabaralarda ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlar, aýdylan ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler mähriban zenanlarymyza bagyşlandy.

Türkmen jemgyýetinde zenanlaryň sarpasy belent tutulýar, olar üçin durmuşda ähli ýeňillikler döredilýär. Her ýyl hormatly Prezidentimiziň sahawatly başlangyçlary esasynda zenanlarymyza pul sowgadynyň gowşurylmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zenan harby gullukçylaryna we işgärlerine baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa ykballaryny Watanyň, ene topragyň ykbaly bilen mäkäm baglap, ýurdumyzyň asudalygyny ähli zatdan ileri saýyp, halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, ulus-ilimize ak ýürekden gulluk edýän zenanlar gatnaşdylar.

Şöhrat AMANOW,
maýor.