Gözelligiň şäheri

10 Mart 2021
777

Ak şäherimiz Aşgabat şu ýyl 140 ýaşyny belleýär. Ilkibaşda Aşgabat çeşmesiniň boýundaky 800 çemesi ak öýden ybarat bolan kiçeňräk oba bu gün ak mermere beslenen müňlerçe gözel ymaratlary özünde jemleýän ajaýyp şähere öwrüldi. Ilki-ilkiler şäheriň köçeleri dar, egrem-bugram görnüşde bolan bolsa, bu gün döwrebap şaýollary, birnäçe gatly ýollar, köprüler, ýerasty hem ýerüsti pyýada geçelgeler paýtagt şäherimize iň döwrebap görnüş berýär.

Şäherimiz bu gün dünýäniň ählitaraplaýyn ösen şäherleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Gözel paýtagtymyz bu günki gün ýurdumyzyň ýüregi hökmünde durmuş-ykdysady düzümleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bilim edaralarynyň ençemesini özünde ýerleşdirýän Aşgabat ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän ýaşlary gujak açyp garşy alýar.

Mähri MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.