Zenan bagtyýarlygy — ýurduň bagta ýarlygy

9 Mart 2021
1056

Ýaňy gadam goýan bahar paslymyzyň gözelligine gözellik goşup, ýurdumyzda Halkara zenanlar güni uludan bellenip geçildi. Şatlyk-şowhuny bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny bezän bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli, paýtagtymyzda we ähli welaýatlarymyzda konsertler, dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, şeýle hem wagyz-nesihat çäreleri guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň: «8-nji martda dabaralary guramak bilen, biz zenanlarymyza çuňňur hormatymyzy, hoşallygymyzy beýan edýäris hem-de olaryň jemgyýetde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini artdyrmakda eýeleýän ornuny açyp görkezýäris» diýşi ýaly, bu baýramçylyk biziň döwletimizde zenan mertebesiniň juda belentdedigini ýene bir gezek bütin halkara jemgyýetçiligine görkezdi.

Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlarynyň berilmegi, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de olaryň birnäçesine ähli amatlygy bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy, şeýle hem «Ýylyň zenany» we «Talyp gözeli — 2021» bäsleşikleriniň geçirilmegi baýramçylyga aýratyn röwüş çaýyp, watandaşlarymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyk duýgusyny has joşdurdy.

«Türkmen dünýäsi».