Parahatçylyk we ynanyşmak - halkymyzyň gadymy ýörelgeleri

9 Mart 2021
925

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň durmuşynda şatlykly waka boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň şeýle atlandyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda halkymyzyň parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetli gatnaşyklara goýýan hormat-sarpasyny, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini çuňňur paýhaslaryň üsti bilen giňden beýan edýär. Bu kitaby içgin okadygyňça, öňe sürülýän belent pikirler parahatçylyga we ynanyşmaga söýgiňi joşdurýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy gözbaşlara, gadymy hem mizemez köklere daýanýandygy, halkymyzyň goşa ganatyna öwrülen bu mukaddesliklerimiziň buýsançly geljegimiziň täze gözbaşydygy, ebedi ýolumyzdygy, ertirki durmuşymyzyň sagdyn esaslarydygy bu kitapda aýratyn nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň öz kitabynda aýdyşy ýaly: «Halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi we onuň pugtalanmagy bilen öz mazmunyny baýlaşdyrýar».

Orazsoltan EMINOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.