Gender deňligini gazanmak: durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp ugry

9 Mart 2021
764

Häzirki zaman jemgyýetinde erkekleriň hem-de aýallaryň hukuklarynyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda deňligine uly üns berilýär. Bu deňligiň derejesi raýat jemgyýetiniň ösüşiniň ölçegleriniň biri hasap edilýär. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny, esasan, ýurduň ösüşiniň durmuş-ykdysady we syýasy aýratynlyklaryna bagly bolup durýar. Zenanlar babatda döwlet syýasaty — munuň özi durmuş syýasatyň bir düzüm bölegi bolup, iri durmuş-demografik topar hökmünde zenanlaryň bähbitlerini nazara almak bilen, olaryň hukuk we durmuş derejesini kemala getirýär, jemgyýet bilen özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.

Türkmenistan umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyz häzirki wagtda halkara giňişligine işjeň goşulyşýan, Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurt hökmünde tanalýar.

Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.