Parahatçylyk — bagtyýarlygyň şuglasy

9 Mart 2021
886

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelen hoşniýetlilik ýörelgeleriniň Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä döwletleri tarapyndan doly ykrar edilmegi diýseň buýsançlydyr. Munuň özi türkmen halkynyň hoşniýetli ynsanperwer gatnaşyklarynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen berk baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi, parasatly syýasaty Diýarymyzda ynsanperwerligiň hem-de adalatyň berkarar edilmeginiň, demokratik we hukuk döwletini kämilleşdirmegiň aýdyň ýoly bolup durýar. Hemişe parahatçylyga, dostluga we ynanyşmaga belent sarpa goýup, bu ýörelgelere uýup gelen türkmen halkynda “Iller agzybir bolsa, ýurtlar abadan”, “Ynanyşmak — dostlugyň mizemez binýady” diýen ynançlar bar. Bu ynançlar halkymyzy bagtyýarlyga eýe etdi, döwletli döwrana ýetirdi. Şeýlelikde, Türkmenistan gysga döwür içinde öz saýlap alan syýasy ýoluna doly wepalydygyny, Zemine parahatlyk nuruny çaýýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde doly subut etdi.

Ahmet ULUGBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň kiçi ylmy işgäri.