Üç sazlaşyk: döwrüň belentligi dünýä ýol açýar

9 Mart 2021
769

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň türkmen döwletliliginiň goşa sütünidigini, Türkmenistanyň şu sütünlerde ynamly orun alyp, Ýer ýüzündäki köp sanly dostlary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny buýsanç bilen belleýär. 2021-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy bilen baglylykda, milli derejede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady berlen bu ýylyň şygary türkmen döwletliliginiň goşa ganaty bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly seneleri bilen özboluşly sazlaşýar. Bu gün şu üç sazlaşyk biri-biriniň üstüni ýetirip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler arkaly dünýä ýaýylýar.

Aýdylyşy ýaly, daşary syýasat içerden başlanýar. 2021-nji ýyl bolsa baky Bitarap Türkmenistanyň üstüne örän uly jogapkärçilikleri ýükleýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyz parahat dünýä gurmak meýlini halkara bileleşigiň dykgatyna ýetirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan goldanylmagyny gazandy. Şu Kararnamanyň maksatdyr wezipeleriniň iş ýüzünde amal edilýän ýylynda Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň 30-njy ýubileýini hem giňden dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ilkinji nobatda, milli baýramymyz bolsa-da, biz oňa halkara ähmiýeti hem bermelidiris. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini görkezmelidiris. Dünýä bileleşiginiň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmäge saldamly goşant goşýan, hormatly we abraýly agzasyna öwrülendigini subut etmelidiris. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz 12-nji fewralda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemine bagyşlanyp geçirilen, giňişleýin mejlisinde degişli Karara gol çekip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasyny, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrmak boýunça geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Bu resminamalarda ýokarda agzalan üç sazlaşygyň şanyna milli hem-de halkara derejede geçiriljek çäreler, olary ýerine ýetirmegiň anyk çelgileri öz beýanyny tapýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».