Nurana dünýäniň ýaraşygy

7 Mart 2021
749

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiz döwletimiziň syýasy, ykdysady we durmuş syýasatynda uly özgertmeleriň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Bu özgertmeler tutuş ilatyň, şol sanda zenanlaryň jemgyýetde tutýan orunlaryna hem öz täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen aýdyň ýörelgesiniň esasynda zenanlar jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli gurşawlarynda zähmet çekmek bilen, bu ugurlarda döwletimiziň iri möçberli durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýärler. Döwletimizde zenanlaryň öňünde giň mümkinçilikler açylmak bilen, olara bilim almaga, telekeçiligi we ylmy işleri amala aşyrmaga mümkinçilikler döredildi. Olar diňe bir ykdysady ulgamlaryň, jemgyýetçilik durmuşynyň işlerine däl-de, eýsem, döwlet häkimiýetiniň ähli derejelerdäki wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralarynyň işlerine hem işjeň gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, zenanlar islendik jemgyýetde örän uly dörediji orny eýeleýärler. Taryhda yz goýan zenanlaryň köpüsiniň edebi döredijilik bilen meşgullanyp, uly mertebä eýe bolandygy hakynda ençeme ylmy maglumatlara duş gelmek bolýar. Muny gadymy ýazuwly edebi geçmişi bolan türkmen halkynyň öz jümmüşinden gaýnap çykýan pähim-paýhas hazynasy bolan gadymy golýazma çeşmeleri hem tassyk edýär. Şeýle zenanlarymyz öz ýiti zehini, irginsiz zähmeti, ukyby we başarnygy bilen ençeme ylmy, taryhy we çeper eserleri, şygyr diwanlaryny ýazyp miras galdyrypdyrlar. Taryhy we ylmy çeşmeleriň maglumatlaryna görä, türkmen zenanlary diňe bir öý bikesi, mährem ene bolman, eýsem, ýurduň ösmegi, berkemegi üçin hem örän uly goşant goşupdyrlar. Hatda olaryň köpüsi syýasy, ykdysady ýagdaýlardan oňat baş çykaryp, uly-uly döwletleri dolandyrypdyrlar. Muňa dürli taryhy döwürlerde ýaşap geçen batyrgaý türkmen zenanlarynyň bitiren hyzmatlarynyň, Burla Hatynyň, Barçyn hatynyň, Altynjan hatynyň, Halyma hatynyň, Türkan hatynyň keşpleriniň üsti bilen hem göz ýetirmek bolýar. Olar öz akyl-paýhasy, parasaty, batyrlygy we edermenligi bilen taryhda uly yz galdyrypdyrlar. Watanyň hem-de il-günüň öňünde uly hormatdan peýdalanyp, “Hanym” ýaly uly mertebeli ada mynasyp bolupdyrlar.

Akmaral WELIÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».