Gyzly öý — gyzylly öý

5 Mart 2021
986

Halkymyz hemişe-de zenan maşgala aýratyn hormat goýup gelipdir. Zenanlary ýyly ojagyň eýesi, ýigitleriň ar-namysy, gözelligiň, edep-ekramyň, dowamatyň nyşany hasaplapdyrlar. Bagt, baýlyk, agzybirlik, döwletlilik ýaly mukaddes düşünjeler aýal-gyzlar bilen baglanyşdyrylypdyr. Halkymyzda «Gyzly öý — gyzylly öý» diýen nakyl bar. Bu hem türkmenleriň gyz maşgala näderejede uly hormat goýýandygyny doly äşgär edýär.

Bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistan Watanymyzda zenan sarpasy ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgeleriň esasynda dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda aýal-gyzlarymyz döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda 8 we ondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdirýän zenanlara «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleri öz Watanyna söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde aýratyn hyzmatlary bitiren zenanlar «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu hem ýurdumyzda enelige aýratyn hormat goýulýandygynyň, zenanlaryň maşgala bitewüligini gorap saklamakdaky ornunyň döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ogulsona GURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.