Gündeligiň gatyndan...

5 Mart 2021
939

♦ Onuň dünýäsi başgady. Meniň iň ezizlerimiň biridi ol. Ýazyň ýakymly howasynda howludaky sekide oturyp, çaý içmegi halardy. Baýramyny hemişe kagyzyň ýüzüne iň owadan hasaplaýan güllerimi çekip, daşyny hem «Eneme» diýen ýazgy bilen bezäp gutlardym. Enemiň şol pursatdaky keşbi henizem gözümiň öňünde duran ýaly…

♦ Mart aýy sag-aman bosagadan ätledigi boldugy, kellämde «Nädip ejemi begendirmeli?» diýen sorag döreýär. Çagajykdym, ýüregimdäki iň eziz sözlerimi goşgy setirlerine geçirenimden soň, okap bermäge-de utanyp, ony ejeme has täsirli ýetirmek üçin kagyza ýazdym. Bu pikirimi has adaty göremsoň, şarjagazyň ýüzüne ýazmagy makul bildim. Arman, olam meniň duýgularyma çydam edip bilmedi…

Gülnar GELDIMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.