Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym

3 Mart 2021
836

Gyşlar sowlup, aýazlar bugaryp asmana galar. Dury buzlar dür damjasy bolup damar, garlar eräp, akar, ýaplara dolar. Şeýle şahandaz buşlukçylar gyşyň togsany dolup, ýazyň gelýänini söýünjilär. Olar gursagy ylhamly ýaşaýan her bir adamyny ýüreginiň bagyndan tutupjyk, eneli dünýälere alyp gider. Mähir jadysyna eýlenen şol dünýäniň bosagasyndan ätläbilseň, seni bahar şuglasy gurşap alar. Gaýgysyz-gamsyz çagalyk gujagyny giňden açyp, seni garsa gujaklar-da, eziz eneň bolup: «Geläýdiňmi, balam?!» diýip soraglar.

Göm-gök asmanda ýaý atan älemgoşar kuwwatly bilinden atylan ýüpi aşak sallap, synasyna ýaz läleleri işilen sallançakda seni iki ýana üwrär. Ýüzüňi sypaýan ýyly şemal dünýäniň düýşdügini, diňe şunuň ýaly ýakymly pursatlardan adam ömrüniň hasyl bolýandygyny gulagyňa çawuş çakar. Senem bu hakykaty geňirgenmän ykrar edersiň. Ýöne süýjüligini gand-u-şeker bilen ölçäp bolmajak eziz ejeli günler, siziň ne beýle gadyrlydygyňyzy diýsene!

Aknur ATAÝEWA,
"Nesil".