El hünäri il gezer

3 Mart 2021
898

Golaýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige gözel paýtagtymyzda we welaýatlarda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin, Berkarar döwletimizde el hünäriniň dikeldilişine we kämilleşdirilişine goşant, Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny hem-de milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakda asylly işleri üçin, Çaga terbiýelemekdäki görkezen yhlasy üçin, Berkarar döwletimizde harby we hukuk ulgamynda görkezen işjeňligi üçin, Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin, Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin atly 7 ugur boýunça geçirildi.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Dostluk» atly 23-nji çagalar bakja-bagynyň usulçy-terbiýeçisi Gülaýym Myhmanowa «Ýylyň işewür zenany», Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň gurnak mugallymy Mährijemal Bereketowa «Ýylyň çeper elli zenany», Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky geňeşligindäki II Diregli oba medeniýet öýüniň saz ýolbaşçysy Merjen Manadowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň Yzgant şäherçesiniň saglyk merkeziniň maşgala şepagat uýasy Aýsoltan Merdangeldiýewa «Ýylyň mährem zenany» diýen atlara eýe boldular. Şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology Nabat Nurgeldiýewa «Ýylyň watançy zenany», Balkan welaýatynyň Bereket etrap hassahanasynyň reanimasiýa bölüminiň işgäri Merjen Gurbantaganowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», Mary welaýatynyň Mary etrabyndan telekeçi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň ýanyndaky işewür zenanlaryň merkeziniň başlygy Aýhan Rejepowa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara we baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýeňiji bolan zenanlara Hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dursun HOJATOWA,
«Aşgabat».