Täzelikler, habarlar

3 Mart 2021
831

LUKMANÇYLYK HARYTLARYNYŇ ÖNDÜRILIŞI ARTÝAR
Daşoguz şäherindäki zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhananyň ilata hödürleýän önümleri sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar. Olaryň hatarynda hasadan edilen, gipsli we sozulýan sargylar, plastyr ýapgylary, dyzlyklar hem-de daban-injik ýapgylary, umuman, lukmançylykda zerur bolan önümleriň 50-den gowrak görnüşi ilata hödürlenýär. Olar bölekleýin we toparlaýyn gaplanylyp, dermanhanalara, hassahanalara yzygiderli ugradylýar. Bu ýerde önümçiligi ýakynda ýola goýlan bir gezeklik ulanylýan lukmançylyk ýektaýlary hem-de kombinezonlary saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň arasynda giňden peýdalanylýar.

Diňe bir geçen ýylda kärhana harytlyk önümiň 9 million manatlygyny öndürip, meýilnama artygy bilen hötde geldi. Umuman aýdylanda, Daşoguz şäherindäki zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana awtomatlaşdyrylan usulda ýylyň dowamynda 13 million gap dürli görnüşli sargy serişdelerini öndürmäge ukyply. Häzir bu ýerde önümçiligi taslama kuwwatlygyna çykarmak ugrundaky işler üstünlikli dowam edýär.
Öre HOJAÝEW,
öz habarçymyz.