Maşgala — baş gala

3 Mart 2021
884

Agzybirlik türkmeniň aslyndan gaýdyp, onuň maşgala ahlagyna we medeniýetine mäkäm ornaşandyr. Şoňa görä-de, türkmen maşgalasy hemişe durnuklylygy hem agzybirligi bilen tapawutlanypdyr. Özara düşünişmek, birek-birege geçirimlilik edip, ylalaşykly ýaşamak bu gatnaşyklaryň häsiýetli aýratynlyklary bolup durýar. Şu şertlerde maşgala diýseň sazlaşykly ösýär. Jemgyýet şular ýaly maşgalalardan düzülende, sagdyn bolýar, döwletiň gülläp ösmegine ýardam edýär. Jemgyýetiň iň kiçi topary bolan maşgala Oguz han atamyzyň ýörelgelerine eýerýän türkmen halky tarapyndan mukaddes ojak hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen has-da kämilleşen kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, ene-atanyň, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatda zerur kadalar göz öňünde tutulýar. Maşgalanyň esasynda garyndaşlyk gatnaşyklary durmak bilen, şol gatnaşyklar hem ata-eneleriň we çagalaryň, şeýle hem ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýar. Maşgala gatnaşyklarynda terbiýe wezipesi öňde durýar. Çünki terbiýäniň düýp binýady, hemişe we her bir ýurtda, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary göwnejaý berjaý edilende, maşgalada hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Maşgalada nikanyň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde nikanyň aýalyň göwrelilik döwründe we 1 ýaşyna ýetmedik çagasy bolanda, onuň razylygy bolmazdan, bozulyp bilinmejekdigi barada kadalar göz öňünde tutulýar.

Hally HALLYÝEW,
Köneürgenç etrap, şäher kazyýetiniň kazynyň kömekçisi.