Arassa suwuň gözbaşynda

3 Mart 2021
824

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler esasy orny eýeleýär. Olaryň hatarynda ilatyň agyz suw üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy bilen bagly wezipeler hem bar. Häzirki döwürde olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi boýunça ýurdumyzyň ähli ugurdaş kärhanalary bilen birlikde, «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşigi tarapyndan hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu barada birleşigiň baş inženeri Durdy Ylýasow bilen gürrüňdeş bolduk.

— Durdy, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň arassa agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegine aýratyn üns bermek bilen, bu ugurda iş alyp barýan edara-kärhanalaryň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar. Elbetde, olaryň siziň birleşigiňize hem gös-göni dahylly bolup durýandygy hemmelere mälim.

Gürrüňdeş bolan Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».