Taryhy senä bagyşlap

3 Mart 2021
764

Biziň halkymyzda derek agajy okgunly ösüşiň, depginli özgerişiň nyşany hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem derek agajyna «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň nyşanynyň merkezinden orun berildi. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň täzeden-täze sepgitleri nazarlaýan ösüşleri hakynda pikir öwreniňde, köküni topraga mäkäm urup, belentden-belende sary ümzük atýan syrdam derek agajy hakydaňda janlanýar. Eger-de berkarar döwletimizi syrdam derek agajyna meňzetsek, onda milli kanunçylygymyz — şol daragtyň mizemez köküdir. Çünki daragtyň belentden-belent ösmegi üçin, onuň köküniň berk bolmagy gerekdir. Ýurdumyzda milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmek, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek babatda durmuşa geçirilýän işler, bitirilýän tagallalar bu aýdylanlaryň niçiksi wajyp we neneňsi derwaýysdygyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşykda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onda hormatly Prezidentimiz ozal kabul edilen kanunlaryň köpüsiniň üstünde işlemegiň zerurdygyny belledi. Durmuşyň ählimizden aýgytly hereketleri, döredijilik başlangyçlaryny, möhüm özgertmeleri talap edýändigini, şunuň bilen baglylykda bolsa, kanunçylygy seljermegi we täzelemegi zerur diýip hasap edýändigini nygtady.

Maksat BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň gullukçysy.