Ýurdumyzyň gadamlary batlanýar

3 Mart 2021
929

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rowaçlanýan eziz Diýarymyz bedew bady bilen uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda senagatda, oba hojalygynda, medeniýetde, bilimde, sportda döwlet ähmiýetli, halk bähbitli beýik işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan ösüşleriň, üstünlikleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkyna bolan yhlasynyň miweleridir.

Türkmenistan döwletimiz gysga wagtyň içinde kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklar giňden ýola goýulýar. Ýurdumyzyň dost-doganlyk köprüleri çar tarapa uzaýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň halkara abraýy belent derejelere göterilýär.