Ak nura beslenen şäher

2 Mart 2021
662

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ak mermerli Aşgabat okgunly ösýär, günsaýyn özgerýär we gözelleşýär, çäkleri giňelýär. Ata Watanymyzyň ýüregi saýylýan Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllyk toýuna uly taýýarlyklar bilen barýan günlerimizde ak mermerli paýtagtymyzyň görkanalygyny synlamagyň we täze gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylýandygyna göz ýetirmegiň özboluşly lezzeti bardyr.

Häzirki wagtda Aşgabat sebitiň merjeni hökmünde Ýer ýüzünde giňden meşhurdyr. Ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan gözel paýtagtymyzyň täsin desgalarynyň başga-da birnäçesiniň agzalan kitaba girendigini bellemegiň özi hem juda ýakymlydyr.

Ogulkeýik ÝOLLYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynyň müdiri.