Öňe, eziz Watan, Arkadag bilen!

2 Mart 2021
764

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden maksatnamalaýyn çykyşyny «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygar bilen jemledi. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geljegine ynamly garaýan we oňa rowaçlyk ýoly bilen barýan halkymyzyň diliniň senasyna öwrülen bu şygar indi birnäçe ýyl bäri döwrümiziň depesinde ganat ýaýýar, bizi üstünliklere ruhlandyrýar, eziz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümiz beýik ösüşlere beslenýär, bedew bady bilen öňe barýar.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Mugallymlar gazeti».