Demokratik özgertmeler rowaçlanýar

2 Mart 2021
852

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-parasata ýugrulan içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň milli demokratik ýol-ýörelgeleri, kada-kanunlary dünýä derejesinde kämilleşdirilip, kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar.

Halkyň medeni, ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpgöter gowulandyrmaga gönükdirilen kanunlar kabul edilýär. Bu bolsa asuda, parahat Diýarymyzda köpugurly maksatnamalardyr özgertmeleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ygtybarly esas bolup durýan demokratik ýörelgeler uly ähmiýete eýe boldy.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,
“Mugallymlar gazeti”.