Giň dünýäniň geň habarlary

1 Mart 2021
898

Reňbe-reň ylmy açyşlar
Tebigatyň reňbe-reň öwüşginlerinden ylham alyp, himiýa, fizika ugurlaryna degişli alymlar reňkleriň has açyk we doýgun bolan täze görnüşlerini ýüze çykarýarlar. Beýik Britaniýanyň Şeffild uniwersitetiniň alymy Endrýu Parnell we onuň kärdeşleri gögümtil öwşün atýan morfo kebeleklerinden ylham alyp, täsin açyş etdiler. Olar tebigatda seýrek duş gelýän bu reňki emeli usulda döretmegiň üstünde iş alyp bardylar. Şu nukdaýnazardan, alymlar topary gök reňkli materiallaryň nanogurluşyny özgerdip, şeýle öwüşgini almagyň hötdesinden geldiler. Toparyň ýolbaşçysy: «Biz özümizden bir hokga çykarmaýarys, tebigatdan öwrenýäris» diýip, öz pikirini beýan edýär. Tebigatda maddalara gök öwüşgin berýän pigmentler seýrek duşýar. Bu ugurda barlag işlerini alyp baran alymlaryň biri hem ABŞ-nyň Oregon uniwersitetiniň alymy Mas Subramanýan gök reňkiň täze öwüşginini ýüze çykardy. Ol ittriý, indiý we marganes himiki elementleriň garyndysyndan täze bir reňk öwüşgininiň emele gelýändigine şaýat bolýar. Britan suratkeşi Stýuart Sempl tarapyndan gara reňkiň «Has gara» (Betterblack) diýlip atlandyrylýan pigmenti ýüze çykaryldy.

* * *

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.