Zeminiň görki

1 Mart 2021
922

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okap başlanyňda, üýtgeşik, täsin duýgular, hemmeler üçinem mähriban ahwallar tutuş durkuňy eýeleýär, balasynyň ýekeje ýylgyryşynyň hatyrasyna bu goja dünýäniň ähli synaglaryna mertlerçe döz gelmäge kaýyl eziz eneler hakyndaky mähriban sözler kalbyňa rahatlyk berýär. Ýüreginiň ýagyny, ýaşlygyny, gujur-gaýratyny, galyberse-de, ömrüni bagrynyň parasyna — balasyna bagyşlaýan enelere Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent sarpa goýulýar.

Eziz eneleriň arzylanýan ýurdy asudadyr, abadandyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri mähribanlygy, päk zähmeti, söýgüsi bilen öý-ojagyna nur çaýýan enelerimize bagyşlanan gymmatly kitapdyr. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda: «Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr. Bular bitewülikdir» diýip ýazýar.

Nurbike NURMYRADOWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.