Aşgabat — söýginiň we arassaçylygyň şäheri

1 Mart 2021
1038

Hormatly Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň gür baglyga, al-elwan güllere beslenmegi, ajaýyp tebigatymyzyň baýlaşdyrylmagy, arassaçylygyň üpjün edilmegi babatda bitirýän beýik işleri diňe bir paýtagtlylarda däl, eýsem, ähli türkmenistanlylarda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Çünki ak şäherimiz Aşgabat özüniň ajaýyp binagärligi, gözel tebigaty bilen häzirki wagtda köpleriň ünsüni özüne çekýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahatda hem birnäçe möhüm wezipeleri öňde goýdy.

Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur almak bilen geçen şenbe güni paýtagtymyzda köpçülikleýin abadanlaşdyryş we arassalaýyş işleri geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilen köpçülikleýin çärelere syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarynyň işgärleri, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, saglyk öýleriniň işgärleri uly höwes bilen işjeň gatnaşdylar. Şol gün «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň, «Arkadag» binasynyň töwerek-daşyndaky baglar timarlanyp, täze agaç nahallarynyň oturdyljak ýerleri düýpli arassalanyp, abadanlaşdyryldy. Ýollaryň gyralaryna ekilen baglar timarlandy we düýpleri haşal otlardan arassalanyldy. Baglaryň hem gülleriň ekiljek ýerleri şüdügärlenip, ekişe taýýar edildi.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».