Eneler — Zeminiň görki

1 Mart 2021
949

Güneşli Diýarymyza kalplara nur çaýyp, owadan baharyň gelmegi bilen mähriban enelerimiziň, gelinlerimiziň, derek boýly owadan gyzlarymyzyň baýramy bolan 8-nji mart — Halkara zenanlar güni hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, il agzybirligi, ýurt parahatçylygynda uly şatlyk-şowhun, dabara bilen bellenilýär. Tebigatyň janlanýan bahar paslynyň ilkinji günlerine gabat gelýän bu baýramyň ýokary derejede bellenilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda zenanlara goýulýan belent hormat-sarpanyň nyşanydyr. Halkara Zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şol sanda merjen şäherimiz Aşgabatda baýramçylyk dabaralary ýokary guramaçylykly geçirilýär.

Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän «Altyn ýyldyz» toý mekanynda Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi we Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen bilelikde guramagynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli «Al-elwan güllerden gözel zenanlar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu ajaýyp dabara turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Dabarada ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren özboluşly tanslary dabara gatnaşyjylara ýakymly duýgulary bagyş etdi. Dabarada edilen çykyşlarda zenanlarymyzyň abraý-mertebesini belentde tutýan, ak saçly enelerimize, baýdak ýaly gelin-gyzlarymyza sarpa goýýan, halkymyzyň bolelin, eşretli, asuda durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi.

Çaryguly HANJAÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.