Asuda gijeleriň nury

1 Mart 2021
751

Gahryman Arkadagymyzyň çuň pähim-parasaty bilen ösüşleriň belent sepgitlerine barýan eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň täsin keşbi kämil görnüşe eýe bolýar. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabatda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ak mermere beslenen jemgyýetçilik-medeni desgalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle ähmiýetli binalaryň birnäçesiniň gurluşygy bolsa häzirki wagtda batly depginler bilen alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryndan ugur alnyp, merjen şäherimizde durmuşa geçirilýän gurluşyk işleri bilen bir hatarda, desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaklyga, binagärligiň ajaýyp sazlaşygyny döretmeklige aýratyn üns berilýär. Şunda yşyklandyryş ulgamynyň paýtagtymyzyň sazlaşykly özgerýän keşbinde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Şaýollardyr köçeleriň iki gyralaryna, jemgyýetçilik binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň, gür bagly seýilgähleriň çäklerindäki yşyklandyryş ulgamlary Aşgabadyň şäher düzüminiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gatnaw ýollarynyň gyralaryndaky yşyklandyryjy çyralar ýollarymyzyň ajaýyp bezegi bolmak bilen ýol-ulag düzüminiň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde hem ähmiýeti örän ýokarydyr. Olar eziz paýtagtymyzyň gijeki gözelligine özboluşly nur çaýýar.

Baky ÝEMŞIKOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.