Şöhratly ýyl bolar

1 Mart 2021
980

Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesindäki medeniýet öýüniň mejlisler zalynda etrabyň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenleri we işjeň agzalary bilen bilelikde KA-nyň işini şu günki günüň talabyna laýyk guramak barada maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bagtyýarlyk döwrüniň her bir gününiň üstünliklere we şanly wakalara beslenýändigi, eziz Watanymyzyň nurana geljegi we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy üçin öňde goýlan syýasy, ykdysady we medeni-durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada giňişleýin durlup geçildi.

Soňra maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.